Çun Ka Long rapiraçylaryň arasynda Olimpiýa çempiony boldy

Çun Ka Long rapiraçylaryň arasynda Olimpiýa çempiony boldy

Gonkongyň wekili Çun Ka Long Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda rapirada gylyçlaşmak boýunça indiwidual ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Aýgytly söweşde ol Italiýadan türgen Daniele Garossony 15:11 hasaby bilen ýeňdi. Bürünç medaly üçünji orun üçin söweşde ýaponiýaly Takahiro Sikineni 8:15 hasaby bilen ýeňen Çehiýanyň wekili Aleksandr Çupeniç aldy.