Ýaponiýaly Nisiýa 13 ýaşynda skeýtbording boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Nisiýa 13 ýaşynda skeýtbording boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Momidzi Nisiýa “strit” dissiplinasynda ýeňiş gazanyp, skeýtbording boýunça Olimpiýa çempiony boldy. Türgen ýaryşyň netijesi boýunça 15,26 bal gazandy. Ikinji orny 13 ýaşly braziliýaly Raýssa Lil (14,64), üçünji orny 16 ýaşly ýaponiýaly Funa Nakaýama (14,49) eýeledi.

Nisiýa Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyna altynjy altyn medaly getirdi. Ol altyn medaly 13 ýaş 330 günlükde gazanyp, Olimpiýa oýunlarynyň iň ýaş çempionlarynyň sanawynda üçünji boldy. Rekord 1936-njy ýylda Berlindäki Oýunlarda üç metrlik tramplinden suwa bökmekde Olimpiýa altyn medalyny alan amerikaly Marjori Gestringe degişlidir. Sanawda ikinji orny 1960-njy ýylda Rimdäki Olimpiadada jübüt küreklemekde ýeňiji bolan nemes Klaus Zerta eýeleýär.