Awstraliýaly Titmus 400 m aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy

Awstraliýaly Titmus 400 m aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy

Awstraliýaly türgen Ariarne Titmus 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 3 minut 56,59 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ikinji orny amerikaly Keti Ledeki (yza galyş – 0,67 sekunt) eýeledi. Üçünji orna hytaýly Li Binsze (+4,39) mynasyp boldy. 

20 ýaşly Titmus karýerasynda ilkinji Olimpiýa medalyny aldy. Onuň hasabynda dünýä çempionatlarynyň iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medaly bar. 
Ledeki 24 ýaşynda, ol bäş gezek Olimpiýa çempiony we 15 gezek dünýä çempionydyr. Amerikaly türgene 2016-njy ýyldaky Olimpiadada goýlan 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde häzirki dünýä rekordy (3 minut 56,46 sekunt) degişli.
Olimpiýa oýunlarynda ýüzmek boýunça ýaryşlar 2-nji awgustda tamamlanar.