Amerikaly Şeýner Olimpiýa oýunlarynda tüpeň bilen atmakda altyn medal gazandy

Amerikaly Şeýner Olimpiýa oýunlarynda tüpeň bilen atmakda altyn medal gazandy

Amerikaly Uilýam Şeýner Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynda 10 metrden pnewmatik tüpeň bilen atmakda ýeňiji boldy. Ol 251,6 bal gazandy. Kümüş medaly Hytaýyň wekili Li-Hao Şen (250,9), bürünç medaly onuň watandaşy Ýan Haožan (229,4) aldy.

20 ýaşly amerikaly türgen finalda täze Olimpiýa rekordyny goýdy. 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiadada goýlan mundan öňki üstünlik italiýaly Nikkolo Kamprianä (206,1) degişlidi. Şeýle-de, Şeýneriň hasabynda dünýä çempionatynyň (2021) iki altyn medaly bar.