«PSŽ» Maurisio Poçettino bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy

  • 26.07.2021 02:35
  • 5.6k+

«Pari Sen-Žermen» toparyň baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy. Argentinaly hünärmeniň klub bilen täze şertnamasy 2023-nji ýyla çenli niýetlenýär diýip, championat.com habar berýär.

“Men örän bagtly we diňe özüm üçin däl, ştab üçin hem begenýärin. Biziň üçin klubuň goldawyny we ynamyny duýmak örän möhüm we biz janköýerleriň bize buýsanmagy üçin elimizden gelenini ederis. Ine, şunuň üçin biz maksatlarymyza ýetmek isleýäris. 20 ýyl mundan ozal men bu ýerde kapitan bolupdym, şu gün bolsa men bu toparyň tälimçisi. Bu hasyl bolan arzuw” – diýip, klubuň metbugat gullugy Poçettinonyň sözlerini getirýär.

Poçettino ýanwar aýynyň başynda “PSŽ-niň” ýolbaşçysy bolupdy, ol bu wezipede nemes hünärmeni Tomas Tuheliň ornuny çalşyrdy.
Pariž toparynyň ýolbaşçysy bolany bäri Poçettino Fransiýanyň Kubogyny aldy, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy, şeýle-de çempionatda ikinji orny eýeledi. Mundan öň Maurisio “Tottenhem Hotspurda” işledi.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......