Günorta Koreýanyň ýaý atyjylary toparlaýyn ýaryşda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar

Günorta Koreýanyň ýaý atyjylary toparlaýyn ýaryşda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar

Günorta Koreýanyň wekilleri Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ýaý bilen atmak boýunça toparlaýyn ýaryşda altyn medal gazandylar. Finalda olar 6:0 hasaby bilen Swetlana Gomboýewa, Ýelena Osipowa we Kseniýa Perowadan ybarat bolan Russiýanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdylar. 

Toparlaýyn ýaryşyň bürünç baýrakçysy üçünji orun üçin duşuşykda Belorussiýanyň toparyny utan Germaniýanyň milli ýygyndysy boldy (1:5). Günorta Koreýanyň ýaý atyjylary Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň topar birinjiliginde yzygider dokuzynjy gezek altyn medal gazanýarlar. Russiýaly ýaý atyjylar kümüş medal almak bilen, 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda goýlan üstünligi gaýtaladylar.