Türkmen Lideri HHR-niň Baştutanyna gynanç bildirdi

  • 24.07.2021 00:58
  • 28k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Henan welaýatynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde, köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeler hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Hytaýyň Henan welaýatynda güýçli ýagyş zerarly suw joşgunlary netijesinde aradan çykanlaryň sany 56-a ýetdi, ýene-de bäş adam dereksiz ýiten hasaplanylýar diýip, Sinhua agentligi ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berýär.


19.11.2025 23:07
7k+

Üç taýkonawt orbitada galdy: olaryň kapsulasyna kosmos zibili zeper ýetirdi

“Şençžou-21” missiýasynyň üç hytaýly astronawty Ýere gaýdyp gelmek üçin işläp duran kapsula bolmazdan “Týangun” kosmos stansiýasynda galdy we ol ýerde azyndan bir hepde eglener. Kosmos missiýasy garaşylmadyk ýagdaýa duçar boldy: ekipažyň aşak düşmek üçin işleýän enjamy ýok...

13.11.2025 22:41
49k+

Hytaýda ýakynda açylan 758 metrlik köpri ýykyldy

Hytaýyň Syçuan welaýatynda ýerleşýän Hunsi köprüsiniň ýol örtügi we birnäçe aralygy ýykyldy. Bu köpri welaýat sebitini Tibet platosy bilen baglanyşdyrýardy. Köpriniň gurluşygy 2025-nji ýylyň başynda tamamlanypdy...

16.10.2025 10:42
7.1k+

Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar

2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýer peýda bolup biler diýip, Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary N+1 neşirine beren maglumatynda aýdýarlar...

14.07.2025 10:59
3.1k+

“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy

Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi...