Sambo we sportuň ýene bäş görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girip biler

  • 22.07.2021 20:48
  • 4k+

Halkara Olimpiýa Komiteti alty sany halkara sport federasiýasyny ykrar etmek üçin ses berdi. Bu karar guramanyň Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geçirilýän 138-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

HOK Halkara çerliding birleşigini (ICU), Halkara muaý-taý assosiasiýalarynyň federasiýasyny (IFMA), Halkara sambo federasiýasyny (FIAS), Halkara aýsştoksport federasiýasyny (IFI), Bütindünýä kikboksing guramalarynyň assosiasiýasyny (WAKO) we Bütindünýä lakross federasiýasyny (WL) doly derejede ykrar etdi. 
Sportuň täze olimpiýa görnüşleri 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Oýunlaryň maksatnamasyna girizilip bilner. 


01.11.2025 09:51
2.5k+

HOK Saud Arabystanyndaky Kibersport Olimpiadasy-2027-ni ýatyrdy

Halkara Olimpiýa komiteti ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny gurnamak boýunça Saud Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti (SOPC) bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär. Ýaryşlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi...

24.06.2025 00:07
2.8k+

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti wezipesine girişdi. Dabara duşenbe güni Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bah öz ygtyýarlyklaryny oňa geçirdi...

11.04.2025 16:52
5.5k+

Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi. Ýaryşda öňki...

24.03.2025 11:03
2.6k+

Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda...