GDA COVID-19-a garşy sanjymlama şahadatnamasyny özara ykrar etmek meselesini maslahatlaşýar

GDA COVID-19-a garşy sanjymlama şahadatnamasyny özara ykrar etmek meselesini maslahatlaşýar

GDA ýurtlarynyň wekilleri ilata COVID-19 täze koronawirus ýokançlygyna garşy sanjymlama baradaky şahadatnamalary (ýa-da beýleki resminamalary) özara ykrar etmek we bu ugurda GDA ýurtlarynyň ilatyň arassaçylyk we epidemiologiki abadançylygy ugrunda ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşini döretmek meselesiniň üstünde işleýärler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berildi.

Belarusuň Saglygy goraýyş ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen bu ýygnaga Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda Arkalaşygyň ähli ýurtlarynda raýatlara COVID-19 koronawirusyna işjeň sanjym edilýändigini, sanjymy tassyklaýan milli şahadatnamanyň we QR kodunyň berilýändigini bellediler.
Sanjym şahadatnamalarynyň özara ykrar edilmegi COVID-19-a garşy sanjym edilen raýatlaryň serhetüsti hereketini ýeňilleşdirer, syýahat akymlaryny dikelder we maşgala hem-de iş saparyny dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Şonuň üçin bu meseläniň jikme-jik öwrenilmegini dowam etdirmek kararyna gelindi.
Mundan başga-da, Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleri saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäginde ilatyň sanitariýa we epidemiologiki abadançylygy babatynda ygtyýarly edaralaryň ýolbaşçylarynyň geňeşini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak kararyna geldiler.