Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etmeklik başlanýar

  • 17.07.2021 11:50
  • 13956
Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etmeklik başlanýar

Şu gün, 17-nji iýulda Saud Arabystanynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen berk çäreler bilen yslamyň mukaddes ýerlerine haj başlaýar. Bu ýyl zyýaratyň esasy dessurlary 17-nji iýuldan 22-nji iýul aralygynda dowam eder. Eýýäm yzygider ikinji ýyl olara beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary gatnaşyp bilmeýär diýip, TASS habar berýär.

Haj we Umra işleri boýunça ministrligiň kararyna laýyklykda, çärelere ýurtda tassyklanan sanjymlar bilen koronawirusa garşy iki sanjym alan 18 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky 60 müň raýat we patyşalygyň wekilleri gatnaşar. 
Bu ýyl zyýaratçylaryň sany 10 müň adam gatnaşan geçen ýyl bilen deňeşdirilende, köpdür, şeýle-de bolsa bu dünýäniň dürli künjeginden millionlarça musulmanlaryň zyýarat etmäge gelýän pandemiýadan öňki döwründen ep-esli azdyr.
Patyşalygyň häkimiýetleri täze kowida garşy çäreleriň kömegi bilen, 2020-nji ýyldaky ýaly, hajyň bäş gününde koronawirus keseliniň ýaýramagyndan gaçmagyň başartjakdygyna umyt bildirýärler.
Sosial araçägi saklamak bilen bagly adaty düzgünlerden başga-da, bu ýyl zyýaratçylar üçin ýaşaýyş nokatlaryna barmaga, awtobuslardan peýdalanmaga, iýmit sargyt etmäge we ybadat ýerlerine barmaga kömek etjek ýörite aragatnaşyksyz smart-kartlar hödürlenýär. Mundan başga-da, Mekgede esasy metjit Al-Haramyň golaýynda mukaddes Zemzem çeşmesinden suwly çüýşeleri paýlaýan robotlar gurnaldy. Esasy çäklendirme tawaf – Gara daşyň (Käbe) daşyndan ýedi gezek aýlanmak bilen baglanyşykly. Geçen ýyl bolşy ýaly, zyýaratçylara mukaddes daşa degmek düýbünden gadagan edilýär. Şu maksat bilen Käbäniň töwereginde gorag germewleri gurnaldy.
Musulmanlara hususy awtomobillerinden peýdalanmak hem gadagan ediler. Zyýaratçylaryň hereketi üçin Saud Arabystanynyň häkimiýetleri patyşalygyň mukaddes ýerleriniň arasynda, takmynan, 26 müň gatnawy amal etmek üçin 2,5 müň awtobus berdiler. Zyýaratçylara 20 adamdan köp bolup ýygnanmak bolmaýar. Olara teplowizor we wideo gözegçilik kameralary arkaly gözegçilik ediler. Görkezmeleriň bozulandygy üçin 10 müň rial möçberinde (takmynan, $2,6 müň) jerime göz öňünde tutulýar. Pandemiýa sebäpli, şu ýyl girizilen täzelikleriň biri, aýallary ýanynda erkek garyndaşy bolmazdan, zyýarat üçin hasaba almak mümkinçiligi boldy.


23.03.2024 11:59
27724

Saud Arabystanynda dünýäde iň uzyn asma howuz gurlar

Saud Arabystanynyň çägini ösdürmek agentligi Neom «Treym» atly täze syýahatçylyk taslamasyny hödürledi. Kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, myhmanhana Akaba aýlagynyň günorta kenaryndaky lagunyň...

08.02.2024 07:42
17160

Saud Arabystanynda dronly Lucid Air polisiýa elektromobilleri peýda boldy

Saud Arabystanynda polisiýa işgärleri üçeginde dron oturdylan we uçuş meýdançasy bolan Lucid Air elektrokaryna geçdiler. Bu barada auto.ru žurnaly habar berýär. Patyşalygyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri...

09.07.2023 00:42
34690

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary haj parzyny berjaý edip Aşgabada geldi

Saud Arabystanynda mukaddes Mekge we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Türkmenistana dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, Gurban baýramynyň öňýanynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan...

01.07.2023 07:54
29488

Gurbanguly Berdimuhamedow Mekgede Al-Haram metjidinde juma namazyny okady we gurbanlyk sadakasyny berdi

30-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, mukaddes Mekge şäheriniň ajaýyplyklary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň...