TDIM-niň ýolbaşçysy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

  • 16.07.2021 09:11
  • 3k+

“Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahatyň çäklerinde 15-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we ynsanperwer ugry boýunça özara hereketleriň ýagdaýyna seredildi. Taraplar saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag we bilim ýaly ulgamlar boýunça amala aşyrylýan häzirki we geljekki taslamalara syn berdiler.
Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine aýratyn üns berildi. Diplomatlar sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin daşary syýasat ugry boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagynyň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Bu baradaky maglumaty mfa.gov.tm saýty ýetirdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......