Daniýada çägeden dünýäde iň beýik gala guruldy

  • 13.07.2021 15:06
  • 7.7k+

Daniýanyň demirgazygynda ýerleşýän Blokhus şäherinde çägeden dünýäde iň beýik gala guruldy. SVT teleýaýlymynyň habar bermegine görä, onuň beýikligi 21,16 metre deň bolup, bu 2019-njy ýylda Germaniýada goýlan öňki rekorddan 3,5 m beýikdir. Bu barada TASS belleýär.

Täze binanyň awtory dürli materiallar, şol sanda, çäge, buz we gar bilen işleşýän meşhur niderlandiýaly heýkeltaraş Wilfred Stiýger boldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 30 heýkeltaraş kömek etdi. 
Daniýanyň bu galasy üçin jemi 4,86 müň tonna çäge ulanyldy. Gurluş piramida şekiline eýe bolup, onuň esasynda soňundan çäge bilen bezelen agaç gurluşy bar. 
Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri täze binany eýýäm gözden geçirdiler we şaýatlar tarapyndan tassyklanan degişli teswirnamany düzdüler.


düýn 10:36
3.8k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

06.01.2026 14:41
9.1k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...

25.08.2025 12:50
3.4k+

Daniýada kagyz poçta hat alyşmalary 400 ýyllyk taryhyny tamamlanýar

Döwlet poçta kompaniýasy PostNord Danmark 2025-nji ýylyň ahyryna çenli kagyz hatlaryny eltip bermegiň bes ediljekdigini yglan etdi diýip, BBC habar berýär. Bu ýurtda poçta hatlarynyň 400 ýyldan gowrak taryhynyň tamamlanmagyna getirer...