Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi

  • 12.07.2021 12:59
  • 17491
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi

Dünýäniň iň beýik 100 binasynyň tas ýarysynyň ýerleşýän ýeri bolan Hytaýda beýikligi 500 metrden ýokary bolan diňleri gurmak gadagan edildi. "South China Morning Post" gazetiniň habar bermegine görä, muňa soňky üç onýyllykda iň beýik bina ady üçin ýaryşyň binalaryň howpsuzlygyny howp astyna goýmagy we ofisleriň sanynyň has köpelmegi sebäp boldy diýip, ren.tv belleýär.

Indi beýikligi 500 metrden gowrak bolan täze binalaryň gurluşygyna rugsat berilmejekdigi bellenilýär. Beýikligi 250 metrden geçýän binalaryň sany gaty çäkli bolmaly, beýikligi 100 metrden gowrak bolan binalar bolsa ölçege we ýangyn söndüriş mümkinçiliklerine doly laýyk gelmeli diýip, Milli ösüş we özgertmeler komissiýasy (NDRC) habar berýär.
Häzirki wagtda Hytaýyň iň beýik diňi beýikligi 632 metr bolan Şanhaý diňidir. Bu bina Dubaýdaky beýikligi 828 metr bolan Burj Halifa diňinden soň ikinji ýerde durýar.
Ýatlap geçsek, maý aýynyň ikinji ýarymynda Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Şençžen şäherinde beýikligi 356 metr bolan SEG Plaza diňi yrgyldap başlady. Şol wagt binada 15 müň töweregi adam bardy, olar 90 minutda ewakuasiýa edildi.


01.05.2024 23:44
29928

Hytaýyň Guançžou şäherine topuň ululygyndaky doly ýagdy

Hytaýyň 13,8 million ilatly Guançžou şäherine topuň ululygyna barabar ölçegde doly ýagdy. Tebigy betbagtçylyk güýçli tupandan soň bolup geçdi diýip, Naked Science ýazýar. Doly binalaryň penjirelerini döwdi, awtoulaglara...

20.12.2023 13:14
37776

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Başlygyna gynanç bildirdiler

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen...

09.09.2023 16:15
29786

Gonkonga 139 ýylyň içinde iň güýçli çabga geldi

Hytaýa güýçli çabga geldi. Gonkongda 140 ýyldan gowrak wagtyň içinde gelen iň güýçli çabga sebäpli 100-den gowrak adam şikes aldy we azyndan bir adam heläk boldy. Günorta Hytaý hem tebigy betbagtçylyga sezewar...

01.12.2022 09:13
16497

Serdar Berdimuhamedow HHR-iň öňki Başlygynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň öňki Başlygy Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly Si Szinpine gynanç hatyny iberdi. «Ol durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanan maksada okgunly...