Genetikler Leonardo da Winçiniň nesil daragtyny dikeltdiler

Genetikler Leonardo da Winçiniň nesil daragtyny dikeltdiler

Italýan alymlary genetiki derňewi ulanyp, Leonardo da Winçiniň maşgala daragtyny döretdiler. Bu işe 10 ýyl töweregi wagt sarp edildi. Dikeldilen daragtyň kömegi bilen alymlaryň da Winçiniň keşbini şekillendirip bilmegine garaşylýar diýip, “Human Evolution” neşiri ýazýar. Muny profile.ru belleýär.

Alessandro Wessozi bilen Anýeze Sabato suratkeşiň 1331-nji ýyldan şu güne çenli maşgala taryhyny anyklap, onuň “genetiki profilini” döretmegi başardylar. Gözleg erkek ugry boýunça geçirildi we jemi 21 nesil kesgitlendi. Leonardonyň özi altynjy nesle degişlidir. Nesil daragty bäş maşgala “şahasyny” gurşap aldy.

“Biz 2016-njy ýylda Leonardonyň 35 diri neberesini kesgitläpdik, ýöne bu gytaklaýyn garyndaşlyk gatnaşyklary we esasanam, aýal ugry bilen baglanyşyklydy. Bu gatnaşykda iň belli meselemleriň biri meşhur režissýor Franko Dzeffirelli bolup durýar. Ýöne bu adamlar Leonardo da Winçiniň DNK-sy we, ilkinji nobatda, erkek ugry boýunça geçýän hem-de 25 nesliň dowamynda üýtgewsiz galýan Y-hromosomasy barada gözlenýän maglumatlary berip bilmediler” – diýip, Wessozi belleýär.

Arhiw maglumatlaryna görä, Leonardonyň özi zürýatsyz bolupdyr. Ýöne onuň köp nesilleri bolan 22 sany öweý erkek dogany bolýar. Kakasy Pýero we öweý dogany Domenikonyň ugrundan suratkeş bilen baglanyşykly tapylan 13 neberäniň ýaşy bir ýaşdan 85 ýaş aralygynda üýtgeýär. Gyzykly ýeri, olaryň ählisi 1452-nji ýylda Leonardo da Winçiniň doglan şäheriniň golaýynda ýaşaýarlar.
Wessoziniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda erkek ugrundan Leonardonyň jemi 14 neberesi diri. Olar, esasan, senetçi we gullukçy bolup işleýärler.