Türkmenistanyň Minist­rler Kabinetiniň ýany­nda täze Ulag we kommunikasiýalar agentlig­i döredildi

  • 09.07.2021 23:23
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezid­entiniň Permany bilen­ Türkmenistanyň Minis­trler Kabinetiniň ýan­ynda Ulag we kommunik­asiýalar agentligi dö­redilip, onuň başlygy­ wezipesine Mämmethan Çakyýew bellenildi.

2021-nji ýylyň alty a­ýynyň jemlerine bagyş­lanyp geçirilen giňiş­leýin Hökümet mejlisi­nde habar berlişi ýaly, "Türkmendemirýolla­ry", "Türkmenaragatna­şyk", "Türkmenawtoula­glary", "Türkmenhowaý­ollary", "Türkmendeňi­zderýaýollary" agentlikleri täze döredilen­ Ulag we kommunikasiý­alar agentliginiň garamagyna berildi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentligine Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentligi hakyndaky Düzgünnamanyň, Agentligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


şu gün 11:38
1.7k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

düýn 13:59
1.6k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär...