Fransiýada 74-nji Kann film festiwaly açyldy

Fransiýada 74-nji Kann film festiwaly açyldy

Fransiýada iki ýyllyk arakesmeden soň Kann film festiwaly açyldy. Bu barada TASS habar berdi.

"74-nji Kan film festiwaly öz işine başlaýar" -diýip, film festiwalynyň prezidenti Pýer Leskur dabaranyň başynda yglan etdi. Ol koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan adatdan daşary sanitariýa ýagdaýy başlanaly bäri şular ýaly möhüm medeni çäräniň ilkinji gezek Fransiýada geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Festiwalda Marion Kotiýýar, Jodi Foster ýaly kino äleminiň meşhurlary gyzyl halydan ýöräp geçdiler. Çäräni guraýjylaryň rugsady bilen, festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar wagtal-wagtal surata düşmek we wideo habarçylary üçin agyz-burun örtüklerini çykardylar.
Kann film festiwaly fransuz režissýory Leos Karaksyň "Annette" filmi bilen açyldy. Wakalary Los-Anželesde bolup geçýän filmiň gahrymanlary - meşhur stend-ap wäşisi we onuň dünýä belli aýdymçy ýoldaşy. Üýtgeşik başarnyga eýe bolan gyzy Annetiň dünýä inmegi olaryň durmuşyny hemişelik üýtgedýär. Bu rok-operasynda “Sparks” toparynyň sazlary ýaňlanar diýip, çeşme belleýär. Şeýle hem filmde baş rollary Adam Draýwer bilen Marion Kotiýýaryň ýerine ýetirýändigi aýdylýar.