Ýewro-2020: Ispaniýa bilen Italiýa oýna taýýarlanýar

  • 06.07.2021 18:44
  • 5.5k+

Italiýanyň futbol boýunça ýygyndysy şu gün Londona geldi. Topar Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna çykmak üçin Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýunlar «Uembli» stadionynda geçiriler.

Beýik Britaniýanyň paýtagtynda Florensiýadan gelen türgenleri janköýerlerdir habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Metbugat maslahatynyň dowamynda toparyň goragçysy Leonardo Bonuççi ýaryşdan garaşýan täsirlerini paýlaşdy.

Leonardo Bonuççi:
«Ispaniýanyň ýygyndysy baý taryhy bilen birlikde, şu ýaryşlaryň bütin dowamynda has oňat oýnaýar we yzygiderli kämilleşýär. Şoňa görä-de, biz öz garşydaşymyza hormatymyzy bildirmeli. Italiýanyňam, Ispaniýanyňam ýygyndylarynyň topa öz çemeleşmesi, öz oýnanyş stili bar. Biz olaryň meýdan boýunça topy geçirişlerine örän ünsli syn edip, tutuş toparyň her bir pozisiýasyndan oňat goranmaly».

Ispaniýanyň ýygyndysy Londona gelmezinden öň Las-Rosas-de-Madridde türgenleşik geçdi. Häzirki ýarym finalçylaryň arasynda olar Ýewropa çempionatlarynyň iň abraýly topary. Bu ýaryşlarda Ispaniýanyň ýygyndysy üç gezek — 1964, 2008 we 2012-nji ýyllarda ýeňiş gazandy.
«Uembli» stadionynda ikinji ýarym final 7-nji iýulda geçiriler. Meýdançada Angliýanyň we Daniýanyň toparlary ýaryşarlar. Final tapgyry bolsa 11-nji iýulda geçiriler. Çempionatyň Beýik Britaniýadaky Guramaçylyk komitetinde Londonda geçiriljek ýaryşlara 180 müň tomaşaçynyň gatnaşjakdygy göz öňünde tutulýar.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......