Fransuz suratkeşi Fragonaryň kartinasy auksionda başlangyç bahasyndan alty esse gymmat satyldy

  • 05.07.2021 14:30
  • 6.9k+

Fransuz suratkeşi Žan-Onore Fragonaryň (1732-1806) kartinasy Epernedäki (Marna departamenti) auksionda 7,68 mln ýewro satyldy, bu onuň başlangyç bahasyndan alty esse ýokarydyr. Bu barada “Ouest-France” neşiri habar berdi diýip, Trend belleýär.

Ýagny, gürrüň 2021-nji ýylyň mart aýynda departamentdäki hususy öýleriň birinde miras inwentarizasiýasy wagtynda tapylan “Filosof okaýar” kartinasy baradadyr. Süýrümtik şekilli surat ilkibaşda suratkeşiň dosty miniatýurist Pýer Adolf Holla degişlidi. Ýöne soňky 200 ýylda kartina barada hiç kim hiç zat eşitmedi.

Ol 100 ýyl töweregi bu suratyň ähmiýeti, onuň bahasy barada hiç zat bilmeýän maşgalanyň wekillerinde saklandy, soň surat auksionçy Antuan Petä baha bermegi üçin tabşyryldy. Antuan Peti kärdeşleri bilen bilelikde suratyň awtorlygyny kesgitledi. “Meni haýran galdyran zat – bu suratkeşiň döredijiligine mahsus bolan ýumşak reňk” – diýip, Peti belleýär. Onuň aýtmagyna görä, suratyň arka tarapynda suratkeşiň galam bilen çekilen goly ýüze çykarylandan soň, awtorlyk baradaky şübhe aradan aýryldy. 

Suratyň başlangyç bahasy 1,2 mln ýewrody.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......