Bakuda «Türki dünýäniň älemgoşary» atly kitap tanyşdyryldy

  • 05.07.2021 13:57
  • 3.5k+

Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynda «Türki dünýäniň älemgoşary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu gazna tarapyndan neşir edilen kitaba türki dilli ýurtlaryň: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň meşhur halk ertekileri girizildi. Bu barada azertag.az saýty maglumat berýär.

Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň prezidenti Günaý Efendiýewa çäräniň dowamynda çykyş edip, kitabyň «Türki dünýäniň älemgoşary» adynyň ýöne ýerden saýlanyp alynmandygyny belledi. «Türki ertekileriň her biri aýratynlykda älemgoşaryň bir reňkini özünde jemleýär. Şu ýedi reňk bolsa bilelikde türki dünýäniň baý medeni mirasyny şöhlelendirýär. Bu kitap diňe bir ertekiler kitaby bolman, eýsem, türki dilli halklaryň gymmatlyklaryny hem açyp görkezýär. Olaryň her birinde hoşniýetlilige, parahatçylyga, birek-birege hormat goýmaga we bilimlilige çagyryş beýan edilýär. Beýleki tarapdan, olarda bize ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar görkezilýär. Kiçijek azerbaýjan suratkeşi Marýam Guluzade tarapyndan çekilen şekiller bilen bezelmegi kitabyň esasy aýratynlygydyr» diýip, gaznanyň prezidenti belleýär.
F.Koçarli adyndaky Respublikan çagalar kitaphanasynyň ýardam bermeginde guralan çäräniň dowamynda Baku şäheriniň 3-nji çagalaryň we ýaşlaryň ösüşi merkezinde okaýan okuwçylar ertekileriň gahrymanlarynyň keşbini janlandyryp, türki dilli halklaryň milli tanslaryny ýerine ýetirdiler. Soňra gatnaşyjylara Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasy tarapyndan sertifikatlar gowşuryldy.

04.07.2025 18:53
4.6k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...

04.07.2025 17:05
7.5k+

Prada hindi şypbyklarynyň dizaýnyny ogurlamakda aýyplandy

Prada italýan moda öýi hindi şypbyklarynyň dizaýnyny göçürmekde aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawa Milanda erkekleriň Moda hepdeliginde brendiň täze kolleksiýasy görkezilenden soň başlady diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...

02.07.2025 11:27
6.9k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

27.06.2025 23:34
3.1k+

«Ýadro gyşy» Vogue bilen hoşlaşýar: Anna Wintur baş redaktorlyk wezipesinden çekilýär

Britaniýaly žurnalist we moda dünýäsiniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri hasaplanýan Anna Wintur «Vogue» amerikan žurnalynyň baş redaktory wezipesinden çekilýär. Ol bu wezipede 37 ýyl işledi diýip, «Condé Nast» mediakompaniýasyna salgylanyp, CNN habar berýär...