Geljegiň hünärleri haýsylar?

  • 04.07.2021 19:58
  • 15k+

Işgärleriň ornunyň robotlar bilen çalşylýandygy sebäpli, işsiz galmakdan gorkmak gerekmi? Azertag.az haýsy hünärleriň işini maşyn arkaly hiç haçan ýerine ýetirip bolmajakdygy, nirelerde robotlaryň iş prosesine işjeň ornaşdyrylýandygy, nirelerde bolsa adamy eýýäm gysyp çykarandyklary barada gyzykly maglumatlary paýlaşýar.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, ýakyn geljekde janly işgärleriň aglaba bölegini maşynlar eýelär. Ýöne şol maşynlary döredýän hünärmenlere bolsa zerurlyk has artar. Bilermenler ýakyn ýyllarda hereketleri adaty ýol bilen ýerine ýetirmek talap edilýän hünärleriň ýok bolup gitjekdigini aýdýarlar. 
Bütindünýä ykdysady forumynyň barlaglaryna laýyklykda, maglumatlary girizýän operatorlar, buhgalterler, auditorlar, administratorlar, kätipler, kebşirleýjiler we zawodlaryň işgärleri ilkinjileriň hatarynda işsiz galarlar. Käbir işgärleri eýýäm maşynlar bilen çalyşdylar. Meselem, Hytaýda eýýäm birnäçe ýyldan bäri mobil telefonlary toplaýan zawod hereket edip, onuň işiniň 90 göterimini maşynlar ýerine ýetirýär. Jemgyýetçilik ulaglarynyň sürüjileriniň ornuny hem ýuwaş-ýuwaşdan tehnologiýalar eýeleýär. Meselem, «SberAutoTech» kompaniýasy ýaňy-ýakynda sürüjisiz taksileriň prototipini görkezdi. Şeýle-de barmenleriň, süpürijileriň, hyzmatçylaryň, esgerleriň, hatda fermerleriň arasynda-da robotlara duşmak bolýar.
Ýöne oňat täzelikler hem bar — sanly tehnologiýalara uýgunlaşan täze hünärler hem döreýär. Maglumatlary seljerijiler, emeli aň, awtomatlaşdyrylan okuw, prosesleri awtomatlaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy, programma üpjünçiligi ýaly ulgamlar boýunça alymlardyr bilermenler bolsa geljegiň iň talap edilýän hünärmenleri bolarlar.
Mundan başga-da, hut adamlaryň başarnyklary zerur bolan hünärler hem ýörgünli bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä ykdysady forumynyň barlaglary tankydy pikirlenmäge, seljermäge, meseleleri çözüp bilmäge we işjeň öwrenmäge islegli hünärmenleriň wezipelerine islegleriň artjakdygyny çaklaýar. Şol bir wagtda, strese durnuklylyk we çeýelik hem zerur bolar.

şu gün 10:51
760

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......