Amerikanyň Kubogy - 2021-iň ýarymfinal jübütleri belli boldy

  • 04.07.2021 19:07
  • 10k+

Amerikanyň Kubogy — 2021-iň 1/4 final oýunlarynyň netijeleri boýunça ýaryşyň ýarymfinalçylary belli boldy.

Çärýek finalda Braziliýanyň milli ýygyndysy Çilini ýeňdi (1:0). Lukas Paketa ýeke-täk pökgini geçirdi. Ikinji ýarymyň başynda braziliýaly hüjümçi Gabriel Jesus gyzyl duýduryş aldy, netijede Braziliýa oýny azlykda oýnamly boldy.
Peru bilen Paragwaýyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşyk diýseň çekeleşikli boldy. 3:3 hasabynda tamamlanan esasy wagtdan soň, toparlar oýnuň ykbaly 11 metrlik urgularda çözüldi. Peru 4:3 hasabynda ýeňdi.
Beýleki bir duşuşykda Kolumbiýa Urugwaýy ýeňdi. Duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlanyp, 11 metrlik urgularda Kolumbiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary has şowly boldular (4: 2).
Bu tapgyryň soňky oýnunda Argentina Ekwadory (3:0) uly hasap bilen ýeňdi. Oýunda Lionel Messi bir gol geçirdi we iki asist etdi. «Barselonanyň» hüjümçisi häzirki wagtda 4 pökgi geçirip we 4 asist edip, ýaryşyň iň gowy bambardiri bolup durýar.
Şeýlelikde, Braziliýa - Peru we Argentina - Kolumbiýa ýarymfinalda duşuşar.
Bu ýaryş ilkibaşda Argentinada we Kolumbiýada geçirilmelidi, ýöne Kolumbiýadaky dawalar we Argentinadaky howply epidemiologiki ýagdaý sebäpli Braziliýa geçirildi.


şu gün 08:32
2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.3k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.2k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.6k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......