Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda eksport edijileriň maslahaty geçiriler

  • 04.07.2021 18:39
  • 3.4k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň eksport edijileriniň maslahaty geçiriler. Onda ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri we bu ugurda öňde durýan çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi we Türkmenistanda öndürilen harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra degişli işleriň kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribesiniň we ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny üpjün eder diýip belledi we hödürlenen teklibi makullap, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


28.06.2025 00:45
12k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly...

27.06.2025 23:53
14k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...

18.03.2025 12:50
5.4k+

Aşgabatda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" halkara forumy işläp başlady

Şu gün, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT-2025) atly halkara forum öz işine başlady. Forum Türkmenistanyň...

17.03.2025 07:46
2.6k+

Aşgabatda telekeçileriň sergisi we maýa goýumlar boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly...