Fransiýada agaç detallaryndan dünýäde iň beýik diň guruldy

  • 03.07.2021 16:58
  • 5.9k+

Fransiýada skaut hereketine gatnaşyjylar agaç detallar ýygyndysyndan dünýäde iň beýik diňi gurdular. Bu diňiň beýikligi 18,76 metr boldy we bäş ýyl ozalky rekordy täzeledi diýip, “Skup” radiosy habar berýär.

Day.Az-yň REN-TW salgylanyp bellemegine görä, bu binany gurmak üçin Grenobldan dört ýetginjege üç gün we Kapla ýygyndysynyň 11,2 müň agaç detaly gerek boldy. Olar merdiwanyň deregine Mýuluz şäherinde ýerleşýän ýurduň iň beýik skalodromynyň (25 m) diwaryny ulandylar. 
Rekord hasaba alnandan soň, diň ýumruldy, 120 kilogramlyk gurluş 3 sekuntda ýykyldy. Grenobldan gelen skaut hereketiniň wekili Antonina Pýollanyň aýtmagyna görä, taýýarlyga birnäçe aý sarp edildi. Ilkibaşda ýetginjekler beýikligi birnäçe metr bolan gurluşlarda türgenleşdiler. Olar 21 metrlik diň gurmak islediler, ýöne käbir detallara zeper ýetmegi sebäpli, onuň beýikligini kiçeltmeli boldy. 

“Biz erkinligimizi duýýarys, biz muny tamamlandygymyz, muny etmegiň başa barandygy üçin örän bagtly. Bu örän gowy” – diýip, toparyň bir agzasy radio bilen söhbetdeşlikde belleýär.

Binany gurmak prosesi wideo düşürildi. Ölçegler hasaba alnandan soň, degişli resminama rekordlar Kitabyna iberildi. Öňki rekordçy diňiň beýikligi 18,4 metrdi.


düýn 10:00
3.9k+

«L bilen V harpy hemmelere degişlidir!»: portugal brendi Louis Vuitton-a garşy kazyýetde ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň Licores do Vale brendi «L» we «V» harplary bolan logotipini hasaba aldyrmak meselesinde Louis Vuitton bilen bolan kazyýet dawasynda ýeňiş gazandy....

09.05.2026 13:34
1.9k+

Parižde eýeleri uruş ýyllarynda ýiten gymmatbaha sungat eserleriniň sergisi açyldy

Parižiň Orse muzeýinde Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen we uruş gutarandan soň Germaniýada tapylan sungat eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi, eýeleri henize çenli näbelli bolan eserlere bagyşlanýar....

08.05.2026 10:17
8.3k+

Makron aýdym aýtdy, Paşinýan saz çaldy: syýasy sammit sungat bilen soňlandy

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Ýerewandaky resmi agşam naharynda Şarl Aznawuryň meşhur «Bogema»  aýdymyny ýerine ýetirdiler. Iki ýurduň liderleriniň bu......

29.04.2026 21:46
8.4k+

Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar....