Aşgabatda «Arkadag» myhmanhanasy açyldy

  • 30.06.2021 15:42
  • 32k+

29-njy iýunda Aşgabatda kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Myhmanhana Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy tarapyndan guruldy. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.
14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.
«Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderine binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.
«Ak öý» görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutany bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


02.06.2026 17:31
1.2k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

31.05.2026 04:56
3.5k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......