Ýewro-2020: Ukraina 120-nji minutda gol geçirip, Şwesiýadan üstün çykdy

  • 30.06.2021 08:23
  • 7.8k+

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň 1.8 final tapgyrynda Ukrainanyň milli ýygyndysy Şwesiýadan üstün çykdy. Glazgoda (Şotlandiýa) geçirilen duşuşyk 120 minut dowam etdi we 1:2 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň esasy wagtynyň 27-nji minudynda ukrainalylaryň ýarymgoragçysy Aleksandr Zinçenko hasaby açdy. Şwesiýalylardan hüjümçi Emil Forsberg 43-nji minutda hasaby deňledi. Ýeňiş goluny eýýäm goşmaça wagtyň soňky pursatlarynda (120+1) Artýom Dowbik geçirdi.
Oýnuň 99-njy minudynda Şwesiýanyň ýarymgoragçysy Markus Danielsson gyzyl duýduryş aldy.
Belläp geçsek, Ukraina Ýewro-2020-niň pleý-off tapgyryna C toparda Awstriýadan we Niderlandlardan utulyp, üçünji ýerden çykdy. Şwesiýa E toparda Ispaniýany, Slowakiýany we Polşany öňürdip, birinji orny aldy.
1/4 finalda Ukraina Angliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.


şu gün 00:47
550

CIES: “Çelsi” häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin beýleki klublardan köp sarp etdi

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) esasy düzümiň häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin çykarylan çykdajylar boýunça futbol klublarynyň reýtingini hödürledi. Hasaplamalarda hemişelik transferler we kärende şertnamalary göz öňünde tutuldy...

düýn 13:49
3.9k+

FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we ahyrky tapgyr oýunlaryna gatnaşýan klublara 355 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Ilkinji gezek töleg oýunçylaryny diňe bir ýaryşyň özüne däl, eýsem saýlama oýunlaryna gatnaşdyrýan klublara hem berler...

düýn 13:06
4k+

“Liwerpul” ÇL-de “Atletikony” utdy. “Bawariýa”, “Inter” we “PSŽ” 3 utuk gazandy

2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň umumy tapgyrynyň ikinji oýun güni “Bawariýanyň”, “Interiň”, “Liwerpulyň” we “Pari Sen-Žermeniň” ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Olaryň her biri 3 utuk gazandy...

düýn 09:27
4.1k+

«Arkadag» FK AFK Çempionlar ligasy - 2-niň ilkinji duşuşygynda "Andijon" bilen deňme-deň oýnady

17-nji sentýabrda «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň çempiony hem-de AFK Çagyryş ligasynyň ýeňijisi  Arkadag şäherindäki öý stadionynda «Andijan» özbek kluby bilen duşuşdy...