Türkiýede ýerasty dünýäniň gadymy kartasy tapyldy

Türkiýede ýerasty dünýäniň gadymy kartasy tapyldy

200 ýyl mundan ozal arheologlar Türkiýäniň Ýazlykaýa gaýasyndaky ybadathanadan gadymy senenamany we ýerasty kartany tapypdylar. Şeýle-de bolsa, olara düşünmek diňe ýaňy-ýakynda başa bardy. Bu barada "Journal of Skyscape Archaeology" neşiri ýazýar.

1834-nji ýylda fransuz arheology Çarlz Teksýe tarapyndan tapylan ybadathanada haýwanlar, nägehanlar we taňrylar ýaly 90-dan gowrak dürli jandaryň hekden oýulyp ýasalan şekilleri ýüze çykarylypdyr. Ylmy barlagçylar şekilleriň Ýeri, asmany we "ýerasty dünýäni" öz içine alýan giňişligi aňladýandygyny anykladylar.
Diwarlaryň birinde Gün hudaýynyň we tupan hudaýynyň suratlary bar. Munuň tersine, ybadathananyň gündogar we günbatar diwarlarynda az sanly adamyň, aý fazalarynyň we "gaýtadan döreýiş sikllerini" görkezýän pasyllaryň şekillerini görmek bolýar.
Mundan başga-da, ybadathananyň otaglarynyň birinde tutuşlygyna "ýerasty dünýä" bagyşlanan surat tapylypdyr.