Lebapda medeniýetiň we sungatyň baýramy

  • 27.06.2021 08:32
  • 4.8k+

27-nji iýun Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni.
Amala aşyrylýan beýik özgertmeler, yhlas siňdirilýän tutumly işler, uzak geljegi nazarlaýan aýdyň maksatlar döwrüň bereketinden we döwletli döwrandan habar berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary we beýik başlangyçlary esasynda her ýyl geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeligi bu ýyl Lebap welaýatynyň paýyna düşdi. Taryhda birnäçe ruhy-medeni galkynyşlaryň, ylmy açyşlaryň, ajaýyp sungat eserleriniň ojagy bolan gadymy Lebap topragy milli medeniýetiň bag-bakjasyndaky behişdi gözellikler, ýüregi heýjana doldurýan aýdym-mukamlar, nagşy köňle ornaýan surat we sungat eserleri, däp-dessurlarymyzdaky kämillikler bilen bu ýere myhman bolanlara gujak açdy. Bu ýerde ýerine ýetirilen her bir sahna eserinde, ýaňlanan owazda, adamlaryň bahar güli deýin ýakymly ýüz-gözlerinde bagtyýar döwrümiziň keşbini görüp bolýar.
Türkmen halkynyň medeniýeti dünýä nusgalyk. Gadymy we şöhratly ýoly geçen, durmuş tejribelerinde süzülip-süzülip, däp-dessuryň gaýmagyna öwrülen ruhy-medeni gymmatlyklarymyz diňe şu günki we geljekki nesillerimiz üçin däl, eýsem dünýäniň ähli halklary üçin hem nusga alarlyk, öwrenerlik medeniýetdir. Her bir işe döredijilikli çemeleşmek arkaly milli medeniýetiniň ösdürilmegi üçin ummasyz işleri alnyp barylýar. Bu gymmatlyklar halkara maslahatlar, festiwallar, forumlar arkaly dünýä halklaryna wagyz edilýär.
Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň gatnaşmagynda durmuş maksatly desgalaryň, binalaryň hem birnäçesi açyldy. Olaryň arasynda Kerkiniň Halkara howa menzilini, Türkmenabat şäherindäki Ak öýi mysal getirip bolar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan bu dabarasynyň dowamynda Kerkiniň Halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy hem gowşuryldy.


01.07.2025 19:48
9.9k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31 ...

28.06.2025 14:43
6.8k+

Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy...

28.06.2025 00:01
4.7k+

2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi...

16.06.2025 07:43
12k+

+44 gradusa çenli yssy bolar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...