Türkmenistanda agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň düzgünlerini işläp düzülýär

  • 26.06.2021 19:27
  • 21k+

Türkmenistanda agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň düzgünleri işlenip taýýarlanylýar. Bu ugurda görülýän çäreler barada wise-premýer Ş.Durdylyýew Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de suw serişdelerini gorap saklamak we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Şunda goýberilen agyz suwunyň we lagym suwlarynyň mukdaryny hasaba almak göz öňünde tutulýar. Agyz suwy bilen üpjün edijiniň we agyz suwuny sarp edijiniň borçlary, hukuklary hem-de jogapkärçiligi düzgünleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow sebitimiziň tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, suw üpjünçiligi boýunça maksadalaýyk işleri geçirmegiň, suw serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemegiň hem-de bu ugurda barlag işlerini has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 14:16
477

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar...

şu gün 13:12
2.3k+

ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy

Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar...

şu gün 12:26
640

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar...

şu gün 11:47
661

Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy...