Guterriş BMG 2.0 guramasyny döretmegi söz berdi

  • 23.06.2021 19:16
  • 4k+

Golaýda BMG-niň Baş sekretary wezipesine ikinji möhlete saýlanan Antoniu Guterriş geljek bäş ýylda BMG 2.0-y — häzirkiden has integrirlenen we döwrüň talaplaryna jogap berip biljek guramany döretmegi göz öňünde tutýar. TASS agentligi bu barada käbir maglumatlary getirýär.

«Biz has integrirlenen, jebis hem-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, içerki guramalar bilen işjeň özara gatnaşyk saklaýan ählumumy düzümi döretmek maksady bilen, özgertmeler meýilnamasy esasynda öz tagallalarymyzy BMG 2.0 guramasyny döretmegiň üstünde işlemäge gönükdireris» diýip, Guterriş wezipesine gaýtadan girişmegi mynasybetli eden çykyşynda belledi. 

Koronawirus ýokanjyna we garyplyga garşy göreşmegi, dünýädäki ähli adamlar üçin koronawirus sanjymlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegini, deňhukuklylyk we raýdaşlyk esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmegi Baş sekretar öz işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 

«Deňsizligiň, gapma-garşylyklaryň we pandemiýanyň soňuna çykmak biziň işimiziň esasy sözleridir» diýip, Guterriş sözüniň üstüni ýetirdi.


şu gün 16:06
639

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......

13.04.2026 11:59
9.4k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....

11.03.2026 23:51
4.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär...

07.03.2026 07:35
14k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...