Olimpiýa türgeni Useýn Bolt ekiz perzentleriň kakasy boldy

Olimpiýa türgeni Useýn Bolt ekiz perzentleriň kakasy boldy

Dünýäniň 8 gezek Olimpiýa çempiony Useýn Bolt ýene-de kaka boldy. Onuň ýanýoldaşy Keýsi Bannet türgeni ekiz perzentler bilen begendirdi. Oglanjyklara Sent-Leo hem-de Tander diýip at goýdular. Bu barada vesti.ru habar berýär.

Bolt ilkinji gezek 2020-nji ýylyň maýynda kaka boldy. Şol wagt onuň gyz perzendi Olimpiýa Laýtning dünýä indi.
Ýeri gelende bellesek, ýamaýkaly türgen 100 we 200 metr aralyga ylgamakda Olimpiýa oýunlarynyň 3 gezek çempiony boldy. Şeýle hem ol 4х100 metre estafeta ylgawynda hem Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisidir. Bulardan başga-da, Bolt dünýä çempionatlarynyň 11-sinde altyn medala mynasyp boldy. Oňa 100 we 200 metr aralyga ylgaw boýunça dünýä rekordlary degişlidir. 
Ýeňil atletika bilen hoşlaşandan soň, Useýn Bolt özüni professional futbolda synap görmek isledi, emma häzir onuň bu ugurda üýtgeşik üstünlikleri göze ilmeýär.