Türkmenistan boýunça häzire çenli 1,2 million tonnadan gowrak däne ýygnaldy

  • 22.06.2021 17:28
  • 5.4k+

Häzire çenli Türkmenistan boýunça 1 million 232 müň 753 tonna däne ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 88,05 % ýerine ýetirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň barşynda hasabat berdi. Iş maslahatyna şeýle hem Mary welaýatynyň we etraplarynyň häkimleri gatnaşdy. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Wise-premýer galladan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, welaýatlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, aralyk ekinleri bolan noýba, mäş, künji we gök-bakja ekinlerini ekmek, Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyryny hem-de Lebap welaýatynda şaly ekinini ekmek işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Şeýle hem wise-premýer şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaçalara ideg etmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew oba hojalyk pudagynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl welaýatda 170 müň gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Möwsümde welaýat boýunça däne ýygýan kombaýnlaryň 507-si we galla daşaýan ýük awtoulaglarynyň 2 müň 535-si sazlaşykly işledilýär. Gündelik ýygnalýan hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 45-sinde bökdençsiz kabul edilýär hem-de hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy üçin zerur işler geçirilýär.
Şu güne çenli Watan harmanyna 320 müň 766 tonna däne tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 92,98 göterim ýerine ýetirildi.
Soňra Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Oratdyýew bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen Lideri kärendeçiniň armasyny ýetirip, öý-içerileri, oba durmuşynyň, ýetişdirilen şu ýylky galla hasylynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda etraplarda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

düýn 19:27
6.8k+

Kanadadan içi hatly çüýşe Atlantikany geçip, Irlandiýa bardy. Ol 13 ýyldan soň tapyldy

Irlandiýadan är-aýal Jon we Keýt Geý Atlantik ummanynyň günbatar kenarynda 2012-nji ýylda kanadaly jübüt tarapyndan Bell-Aýlend adasyndan iberilen içi hatly çüýşäni tapdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 19:24
4.8k+

Germaniýada arheologlar ýaşy 125 000 ýyl bolan gadymy ýag “fabrikasyny” tapdy

Arheologlar Germaniýadaky Noýmark-Nord diýen ýerde 172 haýwanyň – atlaryň, sugunlaryň we öküzleriň 2000-den gowrak süňk bölegini tapdy. Süňkler döwlüp, ýag almak üçin gaýnadylypdyr. Bu 125 müň ýyl ozal neandertallar tarapyndan ýagyň işlenmeginiň subutnamasydyr diýlip, Science Advances žurnalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar...

düýn 19:23
3.1k+

Gizadaky Sfinksiň aşagynda 1200 m çenli çuňlukda ýerasty gurluşlaryň yzlary tapyldy

Müsüri öwrenmek bilen meşgullanýan italiýaly alymlaryň topary Giza belentliginiň aşagynda ýerasty desgalaryň yzlarynyň tapylandygyny habar berdi. Daily Mail-iň ylmy gözlege gatnaşyjylara salgylanyp ýazmagyna görä, alymlar, esasan, Uly Sfinks heýkeliniň töwereklerine ünsi jemledi...

düýn 19:16
1.8k+

Jeýn Birkine degişli bolan Hermès ýantorbasy rekord 10 mln dollara satyldy

Asly Britaniýadan bolan fransiýaly aýdymçy we aktrisa Jeýn Birkine degişli bolan ilkinji Hermès Birkin ýantorbasy Sotheby’s auksionynda komissiýa tölegleri bilen birlikde rekord 10 mln dollara (8,6 mln ýewro) satyldy...