Lukmanlar COVID-19-yň has howply ştamyny belli etdiler

Lukmanlar COVID-19-yň has howply ştamyny belli etdiler

Şotlandiýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň lukmanlar topary koronawirus bilen kesellän näsaglaryň maglumatlaryny seljerip, hindi ştamynyň britan ştamyndan howpludygy baradaky netijä geldi. Barlagyň netijeleri “The Lancet” žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Şotlandiýaly lukmanlar öz barlaglary üçin şu ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda Şotlandiýanyň ilatynyň 99%-niň arasynda COVID-19 keselleri baradaky ýerli saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen maglumatlary ulandylar.
Makalada bellenilişi ýaly, COVID-19-yň hindi ştamy bilen kesellänlerde britan görnüşi bilen kesellänlere garanyňda, hassahana düşmek howpy iki esse ýokarydyr.
Barlag geçirijileriň maglumatlaryna görä, sanjym ýokanç howpuny azaltmagyň netijeli usuly boldy. Şeýle-de, ol adamy ýokanjyň hindi görnüşine garanyňda, britan görnüşiniň ýokuşmagyndan has gowy goraýar.
B.1.617 diýlip atlandyrylan koronawirusyň hindi ştamy iki mutasiýasy bilen bellidir. Ol ilkinji gezek Hindistanyň Maharaştra ştatynda ýüze çykaryldy. Lukmanlaryň pikiriçe, ştam Hindistanda koronawirusyň ikinji tolkunynyň sebäpleriniň biri bolup bilerdi. Soňky wagtlarda wirusyň bu görnüşi köp ýurtlarda ýüze çykaryldy.