Disney “Çip we Deýl” multserialynyň täze wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi

  • 20.06.2021 19:46
  • 5.9k+

Walt Disney kompaniýasy “Çip we Deýl” animasion serialynyň gaýtadan çykaryljakdygyny habar berdi. Täze multfilmiň premýerasy 28-nji iýulda Disney+ hyzmatynda görkeziler. Bu barada kompaniýa Twitter sahypasynda habar berdi diýip, kino.rambler.ru belleýär.

“Chip ‘n Dale: Park Life, original serial, 28-nji iýulda Disney+ hyzmatynda görkezilip başlanar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Synag epizody “Çip we Deýl: Seýilgähdäki durmuş” adyny aldy. Onda burunduklar gozalaryň gözlegine çykarlar we bezzatlara garşy durarlar. Birinji bölümde baş gahrymanlardan başga-da, Disney äleminiň gahrymanlary Pluto bilen buldog Batç peýda bolar.
Şeýle-de, kompaniýa täze multserialynyň treýlerini ýerleşdirdi. Şonuň esasynda baş gahrymanlaryň daşky keşbiniň tomaşaçylar üçin tanyş bolan görnüşlerden tapawutlanýandygy barada aýtmak bolýar.
Disney studiýasy “Çip we Deýl kömek etmäge howlugýar” multserialynyň täzeden çykaryljakdygy barada 2019-njy ýylyň iýun aýynda habar berdi. Serialyň üstünde işlemäge çagalar we maşgala mazmuny bilen meşgullanýan Xilam fransuz kompaniýasy çagyryldy.

düýn 14:07
3k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär...

düýn 14:03
2.1k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer...

düýn 11:13
1.5k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär...

düýn 00:55
922

YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär...