Fransiýanyň Ansi şäherinde halkara animasiýa festiwaly geçirilýär

  • 19.06.2021 15:19
  • 2.7k+

«Kann animasiýa üçin» ady bilen Ansi şäherinde animasion filmleriň halkara festiwaly açyldy. Pandemiýa sebäpli iki ýyl arakesmeden soň, iri wideo önümçilik studiýalarynyň wekilleri ýene-de Alp daglarynyň ýüreginde ýerleşýän Ansi kölüniň kenarlaryna jemlendiler. Umumy maksatnamada filmleriň ýüzlerçesi bar, esasy baýrak üçin bolsa uly göwrümli animasiýa eserleriniň 12-si bäsleşer. Bu barada euronews.com habar berýär.

«Ýene-de festiwala gatnaşyjylarydyr tomaşaçylary garşylamak — örän şatlykly we göwün göteriji ýagdaý. Bu ýyl biz festiwalyň 60 ýyllyk ýubileýini belleýäris, munuň özi animasiýa pudagynda dünýä ähmiýetli wakadyr. Ansi Fransiýada Kann kinofestiwalyndan soňra ululygy boýunça ikinji ýerde durýar. Oňa tomaşa etmäge dünýäniň ähli künjeklerinden gatnaşyjylar gelýär. Haçan-da men olaryň ýurtlaryna syýahat edenimde, olar, ilki bilen: «Siz dünýäniň iň owadan şäherinde ýaşaýarsyňyz» diýip aýdýarlar» diýip, festiwalyň direktory Mikael Maran gürrüň berýär.

Ansi festiwalynyň taryhy geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ortalaryndan başlanýar. Şol wagtda höwesjeň animatorlaryň topary Kann kinofestiwalynyň çäklerinde multiplikasiýa bölümini döretdiler. 60-njy ýyllarda bölüm özbaşdak bolup, şweýsar serhedinden uzak bolmadyk Sawoý diýen ýerde öz şahsy ýyllyk festiwalyny gurady. Eger-de animasiýa öňler çagalar üçin güýmenje bolan bolsa, bu gün ol sungata we köpmillionly biznese öwrüldi.

«Ansi hem kino bazary. Animasiýa ulgamynda öňdeligi saklaýan multiplikasiýa mekdeplerinden başlap, Netflix, Amazon ýa-da Disney+ ýaly platformalary, wideo öndüriji studiýalary öz ýurdumyzda garşylamak biziň üçin bähbitli. Şoňa görä-de, biziň festiwalymyz ykdysadyýetiň bu pudagynyň hakyky öýkeni hasaplanýar. Ansiniň baş baýragy bolan Kristall filmiň we režissýoryň beýleki festiwallarda hem-de geljekde üstünlikli işiniň boljakdygynyň kepili. Munuň özi Sezar ýa-da Oskar ýaly abraýly baýraklar üçin bäsleşmäge mümkinçilikdir» diýip, Mikael Maran sözüni dowam edýär.

Şu ýyl festiwala 100-den gowrak döwletiň wekilleri gatnaşýar. Tutuş Afrika yklymy bolsa 2021-nji ýylyň hormatly myhmany.

şu gün 14:59
1.3k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

şu gün 14:57
229

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 14:47
950

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

şu gün 14:38
1.3k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......