Alymlar işe ukyplylygy 24 sagatdan gowrak saklamagyň usulyny tapdylar

Alymlar işe ukyplylygy 24 sagatdan gowrak saklamagyň usulyny tapdylar

ABŞ-dan bolan oýlap tapyjylar adamlarda ýadawlygy aýyrýan enjamy oýlap tapdylar. Bu täze taslama barada «Communications Biology» žurnalynda ýazylýar.

Bu portatiw gurluşyň esasynda elektrik togy durýar. Ol göçüp-gonup ýören nerw öýjüklerine geçýär we beýniniň işjeňligini sazlap, ünsi güýçlendirýär. Adaty däl iş rejesinde zähmet çekýän adamlar üçin bu enjam kofeiniň hem-de himiki maddalaryň ornuny çalşyryp biler.
Bu enjamy synagdan geçirmek üçin gözegçiliklere 40 adam gatnaşdy. Meýletinçiler 34 sagatlap uklamadylar. Olaryň aýtmaklaryna görä, täze enjam öňde goýlan işlerden baş alyp çykmaga kömek etdi.