Sotheby's auksionynda sanly surat rekord derejede - 11,8 million dollara satyldy

  • 15.06.2021 18:13
  • 5.7k+

"Covid Alien" diýlip atlandyrylýan sanly surat Londondaky meşhur Sotheby's auksion öýünde rekord derejede, ýagny 11,8 million dollara satyldy. Bu barada anna güni Sputnik gullugy habar berdi.

"Birnäçe minut öň Londonda "Covid Alien" atly seýrek duş gelýän CryptoPunk eksponaty 11,8 million dollara satyldy we CryptoPunk ekspinatlarynyň gymmaty boýunça täze dünýä rekordyny goýdy" -diýip, auksion öýi özüniň Twitter hasabynda mälim etdi.

Sanly sungat boýunça 3-nji iýundan bäri dowam edip gelýän “Natively Digital” auksionynda 27 suratkeşiň eseri sergilenýär diýip, çeşme belleýär.
Ýeri gelende bellesek, rekord derejedäki baha bilen satylan sanly sungat eserinde - "Covid Alien" sanly suratynda kellesi başgaply we ýüzi lukmançylyk örtükli gelmişegiň keşbi şekillendirilipdir.


düýn 20:25
1.9k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......