Xiaomi täze telewizorlary çykarar

  • 15.06.2021 21:56
  • 5.9k+

Xiaomi 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde özüniň täze telewizorlaryny çykarmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Olaryň arasynda OLED ekranly flagman modelleri hem bolup biler diýip, msn.com habar berdi.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, täze telewizorlar hökmünde “Mi TV 6” tapgyrynyň täze modelleri hödürlener. Xiaomi-niň top-menejerleriniň biri bolan Pan Jun kompaniýanyň täze önümleri eýýäm synagdan geçirýändigini habar berdi. Xiaomi-niň wekili bu synagdan pursatlary görkezýän suraty internetde paýlaşdy. Suratda nähilidir bir film görkezip duran köp telewizorlary görmek bolýar.

"Xiaomi-niň täze önümleriniň işleýşi ýakymly täsir galdyrdy" -diýip, top-menejer Pan Jun belledi. Ýöne, gynansak-da, täze önümler barada häzirlikçe doly maglumatlar ýok. Myş-myşlara görä, täze önümler öňkülerden birneme gymmadrak, şoňa görä-de has gowy bolmaly. “Mi TV 6” tapgyryň modelleriniň iýul aýynda anons edilmegine garaşylýar.


27.05.2026 15:34
2.4k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.6k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....