Erikseniň hassalygy sebäpli togtadylan oýunda Finlýandiýa ýeňiş gazandy

  • 13.06.2021 12:48
  • 15k+

Ýewro - 2020-de Daniýa bilen Finlýandiýanyň arasyndaky oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda garaşylmadyk waka boldy. Meýdançada duran ýerinde daniýaly oýunçy Kristian Eriksen ýykyldy.

Tiz wagtda ýetişen lukmanlar göni meýdançaň özünde oýunça gyssagly kömek berip başladylar. Daşary ýurt habar beriş serişdeleri lukmanlaryň ýarymgoragça emeli dem alyş we ýürek massažyny etmeli bolandyklaryny habar berdiler. Lukmanlar reanimasiýa enjamlaryny, şol sanda defibrilýator ulanypdyrlar.

Erikseniň ýoldaşlary ony tomaşaçylardan we kameralardan ýapmak üçin töwereginde durdular.

Lukmanlar Erikseni kislorod maskasy bilen alyp gitmezden ozal, 10 minutdan gowrak bejergi etdiler. Oýunçy mümkin boldugyça kameralardan ýaşyrylyp, Kopengagendäki "Parken Arenada" tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda meýdandan çykaryldy.

Iň soňky maglumata görä, Erikseniň ýagdaýy durnuklaşdy, muny resmi taýdan UEFA tassyklady.

Soň oýunçylar meýdança gaýdyp, oýny dowam etdiler. Duşuşyk Finlýandiýanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.


şu gün 14:25
1.7k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 09:54
904

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....