Ferrari-niň täze baş direktory Benedetto Winýa bolar

  • 12.06.2021 16:44
  • 4.1k+

Italiýanyň sport we ýaryş awtomobillerini öndürijisi Ferrari täze baş direktoryň bellenendigini habar berdi: 1-nji sentýabrdan bu wezipäni 52 ýaşly Benedetto Winýa eýelär. Bu barada awtokonserniň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Winýa häzirki wagtda STMicroelectronics italýan-fransuz kompaniýasynda işleýär. Ol mikroelektromehaniki ulgamlar we datçikler bilen meşgullanýan bölümçä ýolbaşçylyk edýär. Ferrari-niň wekilleriniň bellemegine görä, işewürligiň bu ugry 2020-nji ýylda STMicroelectronics üçin has girdejili boldy.

“Ferrari-niň baş direktory bolmak – bu aýratyn hormat. Meni öňünden begenme we jogapkärçilik duýgusy gurşap alýar” – diýip, Winýa belledi. Awtokonserniň häzirki ýolbaşçysy Jon Elkann täze baş direktoryň başarnyklarynyň “ünsüňi çekiji täze eýýamda” kompaniýanyň kuwwatyny güýçlendirmäge kömek etjekdigini aýtdy.

Aprel aýynda italýan awtokonserniň wekilleri 2025-nji ýylda Ferrari-niň ilkinji elektrokaryny çykarmakçydygyny habar berdiler.


11.05.2026 11:24
2.4k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

07.05.2026 11:15
1.9k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......