«Türkmenhowaýollary» şäherara howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

«Türkmenhowaýollary» şäherara howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

1-nji iýundan başlap sebit merkezlerinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlar üçin her gün Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawlary amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda, Daşoguzda we Türkmenbaşyda ýerleşýän howa menzilleriniň arasynda uçar gatnawlary dikeldildi.
Içerki uçuşlar amala aşyrylanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk we epidemiologiki howpsuzlyk çäreleri berk berjaý edilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň tertibini şu ýerden yzarlap bilersiňiz.
Belläp geçsek, ýakyn wagtda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze howa menzilini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.