Maýwezer görkezme söweşinde blogçyny nokaut edip bilmedi

Maýwezer görkezme söweşinde blogçyny nokaut edip bilmedi

44 ýaşly meşhur boksçy Floýd Maýwezer görkezme söweşinde 26 ýaşly blogçy Logan Poly nokaut edip bilmedi. Tutluşyk deňme-deň tamamlandy diýip, Sputnik gullugy habar berdi.

Görkezme tertibinde guralan söweş Maýamide geçirildi. Gyzykly tarapy, agram netijelerine görä, Pol terezide 85,7 kilogram görkezdi, Maýwezer bolsa garşydaşyndan 15,4 kilogram ýeňil bolup çykdy.
Garşydaşlar söweşe işjeň girişdiler. Pol ynamly basgy edip başlady, şeýle-de bolsa Maýwezer oňa ýagdaýy ele almaga ýol bermedi. Bäşinji we altynjy raundda tanymal boksçy garşydaşyny tapdan düşürdi, ýöne Pol duşuşygyň ahyryna çenli aýak üstünde saklanyp bildi. Mundan başga-da, Pol söweşiň ahyrynda hüjüme çagyryp, rowaýaty boksçynyň üstünden güldi.
Ýöne söweşden soň Pol meşhur boksçylaryň biri bilen bir ringde durmagyň özi üçin durmuşyndaky iň uly pursatlaryň biridigini aýtdy.

"Ol meniň pikir edişimden has gowy"-diýip, Maýwezer hem Pola baha berdi.

Professional boksda Maýwezer 50 söweş geçirip, ählisinde ýeňiş gazandy we şolaryň 27-sini nokaut bilen tamamlady.