BSGG koronawirus ştamlaryny grek elipbiýiniň harplary bilen aňladar

BSGG koronawirus ştamlaryny grek elipbiýiniň harplary bilen aňladar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mundan beýläk COVID-19-a sebäp bolýan SARS-CoV-2 koronawirus ştamlaryny grek elipbiýiniň harplary bilen aňladar. Bu barada onuň Ženewadaky ştab-kwartirasy habar berdi we täze ulgamyň ýönekeý, täze belgileriň bolsa “aýtmak we ýatda saklamak üçin ýeňil” boljakdygyny düşündirdi. Muny TASS ýetirýär.

“BSGG COVID-19 pandemiýasyna sebäp bolýan wirus SARS-CoV-2-niň esasy görnüşleri üçin grek elipbiýiniň harplaryny ulanmak bilen aýtmak hem-de ýatda saklamak üçin ýönekeý, ýeňil belgileri kesgitledi” – diýip, gurama belleýär.

BSGG bu belgileriň “giňişleýin maslahatlardan we köp sanly at ulgamlary gözden geçirilenden soň saýlanandygyny” düşündirdi. Munuň üçin “dünýäniň ähli künjeginden hyzmatdaşlar topary çagyryldy”.
Ştamlaryň täze belgisi häzirki “ylmy atlandyryş ulgamyny aradan aýyrmaz”, sebäbi ol “möhüm maglumaty berýär we gözleg işlerinde ulanylmagyny dowam etdirer”. Şonuň bilen birlikde, bu ulgamyň ýetmezçiligi “ylmy atlaryň aýtmak we ýatda saklamak üçin kyn bolup bilmegindedir” we bu habarlarda ýalňyşlyklara sebäp bolup biler. Netijede, “adamlar, köplenç, koronawirusyň görnüşlerini ýüze çykan ýeri bilen aňladýarlar, bu ýaramaz we kemsidiji häsiýeti göterip biler”. Munuň öňüni almak we jemgyýetçilik aragatnaşygyny ýeňilleşdirmek üçin, BSGG milli häkimiýetleri we KHBS-i “täze belgileri ulanmaga” çagyrýar.