BSGG Afrika üçin 20 million doza sanjym soraýar

BSGG Afrika üçin 20 million doza sanjym soraýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Afrika ýurtlaryndan ilkinji sanjymy alanlara ikinji dozany bermek maksady bilen 20 million doza COVID-19 sanjymyny soraýar.

Afrikada COVID-19-yň ýokuşma derejesi üç hepde bäri azalandan soň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bu görkezijiniň ýene artandygyny habar berdi. 4,7 milliondan gowrak ýokuşma hadysasy, olardan 128 000 adamyň aradan çykmagy baradaky soňky maglumatlar, geçen hepde bilen deňeşdirilende, görkezijiniň 17% ýokarlandygyny görkezýär.
BSGG-niň Afrika boýunça sebit direktory Matşidiso Moeti bu ýagdaýyň alada döredýändigini, şeýle-de bolsa, Afrikada üçünji tolkunyň başlamagynyň mümkindigini ýa-da däldigini çaklardan entek irdigini aýtdy.

“Afrikadaky üçünji tolkun barada gürleşerden heniz ir bolsa-da, biz birnäçe ýurtda görkezijileriň ösüşine şaýat bolýarys we ýagdaýy ýakyndan yzarlaýarys. Şonuň üçin COVID-19 sanjymynyň çalt ornaşdyrylmagy has möhüm ähmiýete eýe bolýar” diýip, Moeti belleýär.