Holand 2020/21-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri boldy

  • 31.05.2021 19:52
  • 7.7k+

2020/2021-möwsüminiň Çempionlar ligasy tamamlandy. Turnirde Londonyň «Çelsi» kluby ýeňiş gazandy. Turniriň iň gowy bombardiri Dortmundyň «Borussiýasynyň» hüjümçisi Erling Holand boldy. Bu barada soccer.ru habar berýär.

Norwegiýaly oýunçy 8 oýunda 10 gol geçirdi. Bombardirleriň sanawynda ikinji orny “PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe (10 oýunda 8 gol) eýeledi. 7 oýunçy 6 goldan geçirdi – Neýmar (PSŽ), Karim Benzema (“Real”), Oliwýe Žiru (“Çelsi”), Alwaro Morata (“Ýuwentus”), Markus Reşford (“Mançester Ýunaýted”), Ýussef En-Neseri (“Sewilýa”), Mohamed Salah (“Liwerpul”).
“Ýuwentusyň” ýarymgoragçysy Huan Kuadrado 6 netijeli geçirimi bilen iň gowy assistent boldy.


şu gün 12:16
1.4k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
7.1k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
5.3k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
8k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....