Aşgabatda soňky 130 ýylda maý aýynda iň yssy gün hasaba alyndy

Aşgabatda soňky 130 ýylda maý aýynda iň yssy gün hasaba alyndy

30-njy maýda Aşgabatda howanyň iň ýokary derejesi +45,6 gradusa ýetdi. Bu görkeziji şäherde soňky 130 ýylda meteogözegçiligiň taryhynda maýda hasaba alnan iň ýokary çäkdir diýip, Meteožurnal saýty habar berýär.

Temperaturanyň mundan öňki rekordy 70 ýyl öň — 1951-nji ýylyň 24-nji maýynda hasaba alnypdy. Şol wagt türkmen paýtagtynda +44,8 gradus bolupdy. Ol häzirki görkezijiden 1,1 gradus aşakdyr.
TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, Türkmenistanda şu hepde hem howanyň aşa yssy bolmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Günüň göni şöhlelerinden gaça durmagy, köpräk suwuklyk içmegi we günortanlar — temperatura aňryçägine baran wagty — zerurlyk bolmasa, daşary çykmazlygy maslahat berýäris. Aýratyn hem bu maslahatlar kiçi ýaşly çagalara, garrylara, şeýle hem ýürek-damar ulgamynda kemçilik bolan adamlara degişlidir.