Airbus önümçiligi güýçlendirýär

Airbus önümçiligi güýçlendirýär

Airbus kompaniýasy meşhur dar göwrümli ýolagçy uçarlarynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryny görkezmek bilen, awiasiýa pudagynyň pandemiýadan soň dikeldilmegine uly ynam bildirdi. Bu barada euronews.com habar berýär.

Ýewropanyň aerokosmiki topary dördünji çärýekde A320 maşgalasyna degişli laýnerleriň önümçiligini aýda 45-e çenli artdyrmak boýunça meýilnamalaryny tassyklady. Kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori üpjün edijilere bazar şertleri talap eden ýagdaýynda, zerur islegleri kanagatlandyrar ýaly önümçiligiň ýokarlanmagyna taýýar bolmagy maslahat berdi.
Awiasiýada uzak möhletleýin dikeldiş meýilnamalary sebitlerdäki wirus ýaýrawyna garamazdan, sanjym kampaniýalarynyň global ýaýradylmagy bilen gowulaşdy. Pudak üçin iň uly meseleleriň biri garaşylýan islegi kanagatlandyrmak üçin uzyn we çylşyrymly üpjünçilik zynjyrynyň önümçiligiň güýçlendirilmegine taýýarlygyny üpjün etmekdir.
2024-nji ýylyň birinji çärýegine çenli kompaniýa her aý 70 sany A320 uçaryny, 2025-nji ýyla çenli bolsa 75 uçary çykarmagy meýilleşdirýär diýlip, Airbus-yň metbugat relizinde aýdylýar. A220 uçarlarynyň önümçiliginiň 2022-nji ýylyň başynda aýda 6 birlige we 2025-nji ýyla çenli aýda 14 birlige çenli ýetmegine garaşylýar.