Massimiliano Allegri ýene-de «Ýuwentusa» bäş tälimçi bellenildi

  • 29.05.2021 15:37
  • 6.4k+

«Ýuwentusyň» öňki baş tälimçisi Massimiliano Allegri ýene-de öňki wezipesine dolanyp geldi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berýär. Şertnamanyň möhleti barada heniz maglumat aýan edilenok diýip, La Gazzetta dello Sport habar berýär.

Allegriniň aýlygy ýylda 9-10 mln ýewro bolar.
Öň habar berşimiz ýaly, 53 ýaşly italýan hünärmeni 26-njy maýda wezipesinden aýrylan Antonio Konte derek «Intere», şeýle hem 27-nji maýda wezipesinden boşan Zinedin Zidana derek «Reala» baş tälimçi bellenmäge esasy dalaşgär görülýärdi.
Allegri «Ýuwentusa» 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli tälimçilik etdi we klub bilen 11 sany baýraga, şol sanda 5 sany çempionlyk adyna eýe boldy. Onuň ýolbaşçylygynda «Ýuwentus» iki gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

 


02.07.2025 11:49
7.8k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar

Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar...

19.06.2025 10:03
2.2k+

“Ýuwentus” adidas bilen şertnamasyny 13 ýyl uzaltdy: ylalaşyk kluba € 408 mln getirer

Turiniň “Ýuwentus” futbol kluby adidas kompaniýasy bilen täze uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Bu barada Tuttosport neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze şertnama kluba 408 mln ýewro girdeji getirer...

24.03.2025 18:58
4.8k+

«Ýuwentus» Motta bilen ýollaryny aýyrdy. Tudor täze baş tälimçi boldy

Tiagu Motta «Ýuwentusyň» baş tälimçiliginden aýryldy. Bu barada turinli toparyň metbugat gullugy habar berdi. «Klub Tiagu Mottanyň we onuň ähli kömekçileriniň görkezen hünär derejeleri, şu aýlarda eden işlerine...

17.11.2024 18:11
6k+

“Ýuwentus” Pol Pogba bilen şertnamany resmi taýdan ýatyrdy

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby fransiýaly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabryndan soň taraplaryň arasyndaky şertnama güýjüni ýitirer. “Klub Pola...