Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasynyň kyrky mynasybetli sadaka berdi

  • 28.05.2021 12:50
  • 34k+

27-nji maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Hezreti Omar» metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.

Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüni halkyna, mähriban Watanyna bagyşlamagy hemmeler, aýratyn-da, milli Liderimiziň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek wezipesi ynanylan ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, has wajyp meseleler boýunça oňyn çözgüdi kabul etmekde oňa kakasy Mälikguly Berdimuhamedow hemişe kömek edipdir we Arkadagymyz her bir işde hoşniýetli, örän talabediji halypasy bilen maslahatlaşypdyr.
Metjitde Türkmenistanyň müftüsi Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyblasy Mälikguly aganyň hatyrasyna aýat okady we merhumyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Ýagşy dileglerden soňra, merhumyň hormatyna tebärek çykyldy.
Tebärekden soňra döwlet Baştutanynyň mähriban kakasynyň kyrkyna gatnaşýanlara ýörite taýýarlanan tagamlar çekildi.
Sadaka gatnaşanlar tagamlardan dadansoňlar, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady we Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhunyň şat bolmagyny dileg etdi.
Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we kakasy baradaky käbir ýatlamalaryny aýdyp berdi.

şu gün 16:01
65

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

şu gün 15:50
170

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

şu gün 15:38
180

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....

şu gün 15:16
302

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......