Apple iPad 2-ni tutuş dünýäde könelen diýip resmi taýdan kabul etdi

  • 26.05.2021 16:16
  • 9k+

10 ýyldan gowrak wagt ozal Stiw Jobs tarapyndan hödürlenen 2-nji nesliň Apple iPad planşeti tutuş dünýäde könelen diýlip resmi taýdan kabul edildi. Planşet 2011-nji ýylyň mart aýynda görkezilipdi diýip, www.ixbt.com habar berýär.

Apple kompaniýasy iPad 2-ni 2019-njy ýylyň maý aýynda «wintaž we könelen önümleriň» sanawyna goşdy. Şol wagt planşet ABŞ-dan we Türkiýeden başga ähli ýurtlarda könelen diýlip häsiýetlendirilýärdi, emma bu döwletlerde ýerli kanunlar Apple-den ony aktual önüm hasaplamagyny dowam etdirmegi talap edipdi. Geçen hepde Apple özüniň sanawyny täzelemek bilen, planşeti dünýäniň ähli ýurtlarynda könelen diýip belledi.
iPad 2 original iPad-den 33% inçe bolup, birnäçe täze mümkinçiliklere, şol sanda FaceTime jaňlary üçin frontal kamera, giroskopa we CPU tizligi boýunça iPad-de bir kristally ulgamdan iki esse çalt we grafika işlemekde dokuz esse çalt bolan iki ýadroly Apple A5 prosessoryna eýedi. Planşetiň operatiw ýadynyň göwrümi 512 gigabaýt.
Apple öz sanawynda ýedi ýyl ozal çykarylmagy bes edilen önümleri ýerleşdirýär. iPad 2 2014-nji ýylyň 18-nji martynda önümçilikden aýryldy. Sanawdaky önümler Apple we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan ulanylyp bilinmeýär.


19.05.2026 09:37
4.2k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....