Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat-siti» megapolisiniň düýbüni tutdy

  • 26.05.2021 14:27
  • 53k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany bu ýerde oturdylan «Türkmeniň ak öýi» binasynda söz sözledi. «Biz şu gün hem paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak ajaýyp binalar we desgalar toplumynyň binýadyny goýýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer.
Bu ýerde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Şeýle hem bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Täze dörediljek şäherde biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alnyp, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler. Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.
Bulardan başga-da, çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda bu ýerde «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylýan tutuş döwrebap şäher peýda bolar diýip, döwlet Baştutany belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze şäheriň gurluşygyna başlamazdan ozal, biz köp sanly taýýarlyk işlerini alyp barmalydyrys. Ylymlar akademiýasynyň alymlary seýsmik ýagdaýy düýpli seljerip, bu ýerde näçe gatly jaýlary gurup boljakdygyny anyklamalydyr. Çyzgyçylar gurluşygyň alnyp baryljak ýerlerini karta geçirmelidir.
Şeýle hem bu giň gerimli işlere ýolbaşçylyk etjek gurluşyk kärhanasyny döredip, ony ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmeli. Mundan başga-da, gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň taslamasyny düzüp, olar üçin gurluşyk serişdeleri bolan sement, agaç-tagta, demir we beýleki zerur önümleri, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýran häzirki döwründe nireden almalydygyny anyklamaly. Olaryň özümizde öndürilmeýän görnüşlerini daşary ýurtlardan nädip getirmelidigini kesgitlemeli.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze guruljak şäheriň ilatyny, baglary, suw çüwdürimlerini suw bilen üpjün etmegiň çeşmesini anyklamalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, şu gün gurluşygy birnäçe ýyla çekjek uly şäheriň düýbi tutulýar. Şoňa görä-de, ýokarda sanalyp geçilenlerden başga-da, köp meseleleri çözmeli. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan biz gözel Köpetdag bilen uç-gyraksyz Garagum sährasynyň sepleşýän ýerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan dünýä derejeli lowurdap duran ajaýyp şäheriň gurluşygyna şaýat bolarys.


11.06.2024 15:54
4.4k+

Aşgabat “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forumyny we sergisini kabul eder

Şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Oguzabat» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary...

düýn 10:34
1.7k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

düýn 05:29
2.4k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
1.9k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...